Russiýa Federasiýasynyň Ministrler Kabineti awtoulaglarda ýük daşaýjylaryň sanawynyň döredilmegini goldady
22 Iýun
Russiýa Federasiýasynyň Ministrler Kabineti awtoulaglarda ýük daşaýjylaryň sanawynyň döredilmegini goldady

Russiýa Federasiýasynyň hökümeti ýük daşaýjylaryň bitewi sanawyny döretmek we daşaýjylaryň ýurduň içinde ýük daşamak bazaryna kabul edilmegi üçin täze talaplary kesgitlemek baradaky kanunyň taslamasyny goldady. Bu barada Russiýanyň «Logistika» internet saýty habar berdi.

«Russiýa Federasiýasynda ulag serişdelerinde harytlary daşamaga kabul etmegiň tertibi we Russiýa Federasiýasynyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek baradaky» 595821-8 belgili kanunyň taslamasy aprel aýynda Döwlet Dumasynyň ulag komitetiniň başlygy Ýewgeniý Moskwiçew tarapyndan hödürlendi. Täze düzgün halkara awtoulaglaryna we iň ýokary agramy 3,5 tonnadan geçmeýän ulag serişdelerine degişli däldir.

Taslama ýük ulaglarynyň içerki bazaryna daşaýjylaryň goýberilmegi üçin hünär talaplaryny belleýär. Şeýlelikde, täjirçilik şertlerinde işleýän ýük daşaýjylar we olaryň ulaglary baradaky maglumatlar ýük daşaýjylaryň köpçülige açyk bitewi sanawyna girizilmeli. Munuň özi Ulag ministrligi tarapyndan kesgitlenip, «Ространснадзор» atly edaranyň utgaşdyrýan tertibinde jemlenýär. Reýestr 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde başlanan milli sanly ulag-logistika platformasynda — «GosLogyň» resmi web sahypasynda çap ediler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem