Hytaý kompaniýasy Özbegistanda awtoulaglary gurnaýan zawodyny işe girizmek isleýär
24 Iýun
Hytaý kompaniýasy Özbegistanda awtoulaglary gurnaýan zawodyny işe girizmek isleýär

Hytaýyň «China Xiaou Group» kompaniýasy Özbegistanyň Fergana sebitinde awtoulag gurnama zawodyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada sebit häkimiýetiniň (administrasiýa) metbugat gullugyna esaslanýan «Trend» habar berýär.

Maglumatlarda häkimiýetiň wekilleriniň sapary wagtynda 1,5 milliard dollarlyk kärhanany döretmek baradaky şertnama gol çekilendigi aýdylýar.

Bu resminama Fergana sebitiniň häkimi Haýrullo Bozarow we «China Xiaou Group» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huang Hýo tarapyndan gol çekildi.

Taslamanyň birinji tapgyrynda awtoulag ýygnamak we boýag ugruny döretmek üçin 50 million dollar maýa goýlar. Önümçiligiň möçberini her ýyl 60 müň awtoulaga we elektrik ulagyna ýetirmek meýilleşdirilýär.

Ikinji we üçünji tapgyrlarda maýa goýujylar degişlilikde 350 million we 1,1 milliard dollarlyk serişdäni ýatyrmagy maksat edinýärler. Bu önümçiligi lokallaşdyrmaga we awtoulag önümçiligini ýylda 100 müň birlige ýetirmäge mümkinçilik berer.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem