Ýylyň ahyryna çenli Italiýanyň awtoulag ýollarynda — Kazale şäherindäki A1 Milan — Neapol we A4 Milan — Breşiýa awtoulag ýollarynda ýene iki sany tahograf gözegçilik stansiýasy gurlar.
Ulgam agyr ulaglara gözegçilik eder we Fiorenzuoladaky A1 Milan — Neapol hem-de Rimini-Suddaky A14 Bolonýa — Taranto awtoulag ýollarynda häzirki wagtda işleýän ulgamlara goşuljak islendik düzgün bozulmalar ýa-da näsazlyklar barada ýol polisiýasyna habar berer.
Liguriýadaky A26 awtoulag ýolunda «Falco»taslamasy işe başlar —dronlar howadanýollardaky gurluşyk meýdançalaryna we dyknyşyklara gözegçilik eder hem-de sürüjilere dessine habar berer. Munuň özi adatdan daşary agyr ýük çäklerini barlamaga, howply harytlara gözegçilik etmäge we haýal hereket edýän ulaglaryň kinetik energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmäge ukyply statiki ulgamlara goşmaça ýardam eder.