Iňlis syýahatçysy welosipedli Türkmenistanyň üstünden geçip gider
27 Iýun
Iňlis syýahatçysy welosipedli Türkmenistanyň üstünden geçip gider

Angliýaly syýahatçy Uolles Aşem haýyr-sahawat maksady bilen Hytaýa barýan gadymy ugur boýunça welosipedli syýahat edýär. Syýahatçy Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa baryp ýeter.

Welosiped sürüjisi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen 10 000 kilometr uzaklyga welosipedli syýahat edip, «Kids Club Kamapa» çagalar haýyr-sahawat gaznasynyň üsti bilen Ugandanyň Kampala şäherinde täze bilim merkezini gurmak üçin 27 000 funt sterling toplamagy maksat edinýär. Serişde ýygnamak syýahatyna aprel aýynda Türkiýeden başlan çeltnemaly Uolles Aşem häzirki wagtda 5500 km aralygy geçdi.

Syýahatçy häzirki wagtda Täjigistanda bolup, syýahat döwründe musulman jemgyýetlerinde sahy ynsanlar bilen duşuşmagyň özi üçin ajaýyp tejribe bolandygyny gürrüň berýär.

Wallesiň pikiriçe, syýahatyň iň agyr bölegi ýekelikde hereket etmekde jemlenýär:

«Günüň dowamynda hiç kim bilen habarlaşamok. Maşgalaňdan we dostlaryňdan uzakda bolmak kyn, ýöne nätanyşlaryň myhmansöýerligi kömek edýär. Adamlar maňa ýardam berdiler we iýmit bilen üpjün etdiler»-diýip, syýahatçy gürrüň berýär.

Ol adamlaryň köplenç ýoluň gyrasyndan iýmit we çaý hödürläp, «çaý, çaý!» diýip gygyrandyklaryny belleýär

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem