Russiýanyň konteýner bazarynyň ösüşiniň 2024-nji ýylyň bäş aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% ýokarlanyp, 2,756 million TEU ýetendigini «FESCO» ulag topary habar berýär.
Toparyň seljerijileriniň pikiriçe, import maksatly konteýner gatnawy 7% artyp, 1,183 million TEU, eksport bolsa 10% artyp, 760 müň TEU boldy. Tranzit 19% ýokarlandy we 249 müň TEU ýetdi. Içerki konteýner daşalyşy164 göterim artyp, 564 müň TEU-lyk görkezijä eýe boldy.
2024-nji ýylyň maýynyň ahyrynda bazar geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 6% ösüp, 580 müň TEU ýetdi. Ösüşiň esasy hereketlendirijisi Sankt-Peterburg portunyň üsti bilen konteýner daşamagy dowam etdirýär.