«Türkmenhowaýollary» agentligi Jidda şäherine ýolagçy gatnawyny artdyrýar
27 Iýun
«Türkmenhowaýollary» agentligi Jidda şäherine ýolagçy gatnawyny artdyrýar

«Türkmenhowaýollary» agentligi häzirki wagtda halkara ýolagçy gatnawlarynyň reje boýunça yzygiderli ýola goýulmagyny gazanmak ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýär.

Şunlukda, müşderileriň isleginiň artýandygyny nazara alyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

Gatnawlar hepdäniň çarşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem