2025-ni ýylyň «BMW M5» modeli çykaryldy. Ol gibrid gurluşynyň esasynda ähli döwürleriň iň kuwwatly hem agyr «M5» awtoulagy hökmünde bellige alyndy.
Onda goşa turbo görnüşli 4,4 litrlik V-8 hereketlendirijisi we sekiz tizlikli geçirişe integrirlenen elektrik hereketlendirijisi ornaşdyryldy. Ulgamyň umumy kuwwaty — 717 at güýji bolup, munuň özi «XM Label» nusgasyndan az-kem pesdir. Içki ýangyç dwigateli 577 at güýjüne barabar bolan kuwwaty utgaşdyrýar, elektrik hereketlendirijisi bolsa munuň üstüni 194 at güýjüne barabar bolan kuwwat bilen ýetirýär.
«BMW M5» 0-dan 100 km/sag tizlige 3,4 sekuntda ýetip bilýär. Iň ýokary tizlik 255 km/sag görkeziji bilen çäklenýär. Muňa garamazdan, «M Driver's Package» toplumy onuň sagatda 305 km çenli ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär. Elektrik düzgüninde bolsa «BMW» diňe batareýanyň güýjüni ulanyp, 40 km çenli sessiz herekedi üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, tizlendiriji pedaly gaty bassaňyz ýa-da «M Steptronic» el bilen geçiriş gutusyny ulanmak kararyna gelseňiz, awtoulag has köp güýç almak üçin ýangyç dwigatelini goşar.
«M5» ulagyny öň tarapynda goýlan 16,1 dýuýmlyk disklerindäki alty porşenli we yzky böleginde ornaşdyrylan 15,7 dýuýmlyk disklerindäki bir porşenli ýüzýän saklaýyş enjamlary saklaýar. «M Carbon» keramiki saklaýjylar bolsa goşmaça enjamlaryň üstüni ýetirýär.
2025-nji ýylyň «BMW M5» ulagynyň agramy 2444 kg bolup, bu dört gapyly we ähli tigirleri hereket edýän «Ford F-150-den» hem agyrdyr.