«Moskwa — Sankt-Peterburg» ýokary tizlikli demir ýolunyň gurluşygy üçin zerur bolan serişdäniň möçberi kesgitlendi
28 Iýun
«Moskwa — Sankt-Peterburg» ýokary tizlikli demir ýolunyň gurluşygy üçin zerur bolan serişdäniň möçberi kesgitlendi

Russiýanyň maliýe ministriniň birinji orunbasary Irina Okladnikowanyň sözlerine salgylanýan «TASS» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, Moskwa — Sankt-Peterburg ýokary tizlikli demir ýolunyň gurluşygynyň bahasy şu wagta çenli 1,8 trillion ₽ hasaplanyldy.

— Maliýe ministrligi maliýe modelini döretmek baradaky buýruk taslamasy boýunça ylalaşdy. Taslamanyň bahasy gymmat bolup, ol beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ykdysady şertlere hem bagly — diýip, Okladnikowa belledi.

Umumy çykdajydan başga-da, konsession şertnamasynyň daşynda ýüze çykýan «has uly» operasion çykdajylaryň bardygyny tassyklaýan Okladnikowa bu meselede dürli pikir-garaýyşlaryň birnäçesiniň bardygyny boýun alýar. Şu hem-de ylalaşygyň doly «tamamlanmagyna» garaşylýar.

Taslama gatnaşyjylaryň hataryna «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Russiýanyň çäklerinde ýokary tizlikli ugruň geçjek sebitleriniň dolandyryş edaralary, rus banklarynyň sindikaty we «Lider» atly köpçülikleýin bolmadyk paýdarlar jemgyýeti girýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem