Ozal «Toyota Camry» awtoulagynyň 2025-nji ýyl üçin niýetlenen täzelenmesi köpçülige ýetirilipdi, indi «Lexus» kompaniýasy «Lexus ES 2025» modelini çykardy we dört ýyllyk arakesmeden soň «Black Line Special Edition» nusgasynyň gaýdyp geljekdigini habar berdi.
«Lexus ES-iň» ýapon kompaniýasynyň premium ugrunyň iň amatly modelidigini ýatladýarys. Aslynda, bu awtoulag «Toyota Camry» nusgasynyň täzeden has kämil derejede enjamlaşdyrylan görnüşidir.
«ES 350 F Sport Handling» modeline esaslanýan «Black Line Special Edition» nusgasy aýnalary, ýük üçin niýetlenen bölümiň üstündäki bezeg enjamy we gapdallarynyň özboluşly öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Model «F Sport» daş-töweregi yşyklandyryş, şeýle hem 12,3 dýuýmlyk maglumat ulgamy we baş ekrany bilen üpjün edilipdir. Onuň aýratynlyklarynyň üstüni panoramik görnüş ulgamlary we «SmartAccess» açar-kartasy ýetirýär.
«Lexus ES 2025 Black Line Special Edition» ulagynyň bary-ýogy 1000 nusgasy öndüriler we bahasy ABŞ-nyň 53 615 dollary bolar. «Lexus ES 2025-iň» binýatlyk nyrhy 43 190 dollardan başlanar.
Adaty model 203 at güýjüne barabar bolan kuwwata eýelik edýän 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendiriji bilen öndüriler. Ulagyň 302 at güýjüne deň bolan 3,5 litrlik V6 hereketlendirijili nusgasy hem bolar.