Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
29 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

28-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly, şeýle-de başga birnäçe kanunlary döwrebaplaşdyrmak babatda işler dowam etdirilýär. Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça merkezi saýlaw topary bilen bilelikde amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler halkara kadalara, milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylýar.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, ähli pudaklarda oňyn görkezijileri üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konsernini zerur bolan önümler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabatynda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi hakyndaky maglumatlar öz beýanyny tapdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna («Ýol kartasy») laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlislerini, «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini geçirmegiň teklip edilýändigi aýdyldy.

Soňra wise-premýer daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow «Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň» taslamasy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda howanyň üýtgemegi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny görkezýär. Döwrebap şäherde ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli binalary we desgalary gurmak hakynda Karara gol çekip, Gahryman Arkadagymyzy we mähriban halkymyzy, mejlise gatnaşyjylary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy we türkmen halkynyň Milli Liderini bu şanly waka bilen gutladylar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem