Gazagystanda ýokary hilli ammarlara isleg artdy, olaryň kärende bahasy hem ýokarlandy
28 Iýun
Gazagystanda ýokary hilli ammarlara isleg artdy, olaryň kärende bahasy hem ýokarlandy

«NF Group» konsalting kompaniýasynyň habaryna görä, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň ahyrynda Gazagystanda boş ammar giňişliginiň paýy umumy üpjünçiligiň 1,6 %-ini emele getirip, bu görkeziji 2023-nji ýylyň üçünji çärýegine garanyňda 0,6 göterim ýokarlandy. Ýurduň ýokary hilli ammarlar boýunça gozgalmaýan emläk bazary alty aýda 68 müň inedördül metre çenli giňedi we 1,4 million inedördül metre ýetdi.

Şeýle meýdanyň esasy bölegi Almaty (66%), Astana (takmynan 20%) we Aktobe (7%) sebitlerinde jemlenendir.

A synpa degişli taýýar ammar üçin ortaça kärende bahasy 9% ýokarlandy we her inedördül metr üçin 153 dollar boldy. Munuň ýylda goşulan baha üçin salgytsyz serişde möçberidigini bellemek gerek. B synpyň ammarlary16% ýokarlandy hem-de her bir inedördül metr üçin 107 dollara ýetdi.

2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň ahyrynda Gazagystanda umumy meýdany 230 müň inedördül metre barabar bolan ammarlar gurulýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem