Hytaý dünýäde ilkinji uglerod süýümli metro otlusyny döretdi
29 Iýun
Hytaý dünýäde ilkinji uglerod süýümli metro otlusyny döretdi

Sindao şäherinde adaty otlylardan 11% ýeňil bolan «Cetrovo 1.0» ekspres otlusy hödürlendi. Otlynyň täzeçillik düzümi 7% az energiýa sarp edýänligidir, bu bolsa kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny ep-esli azaldýar. Munuň özi 40 gektar agaç ekmek bilen deňeşdirip boljak uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny ýylda 130 tonna azaldar. Şeýle hem, tiz otlynyň peseldilen agramy tigirleriň we ýodajyklaryň könelmegini azaldýar we has rahat gezelenje şert döredýär.

Otlynyň gabarasy uglerod süýüminden ýasalyp, onuň ýokary kuwwaty we poslama garşylygy bar. Bilermenler bu innowasion materiallary demir ýol pudagynyň geljegini emele getirjek önümler hasaplanýalarlar. «Cetrovo 1.0» otlysy awtomatiki anyklaýan akylly «SmartCare» platformasy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Täze otlynyň iň ýokary tizligi sagatda 140 kilometre barabar. Şol bir wagtyň özünde bolsa bu otlular sürüjisiz hem hereket edip bilerler. Otlynyň herekedine kert öwrümler, hatda temperaturanyň aşak düşmegi ýa-da ýokary galmagy hem päsgelçilik döretmez. Otlyda bolup biljek päsgelçilikleri öňünden ýüze çykarmaga we gyssagly ýagdaýda otlyny saklamaga mümkinçilik berýän akylly ulgam bar. Ulgam tehniki hyzmat çykdajylaryny azaldyp, otlynyň howpsuz işlemegini üpjün edýär.

«Cetrovo 1.0» zerur synaglardan geçdi. Otlynyň 2024-nji ýylda Hytaýyň çägindäki degişli ugurlara goşulmagyna garaşylýar. Otlyny işläp çykaran «CRRC» kompaniýasynyň wekilleri «Cetrovo 1.0» otlusynyň işe girizilmegi bilen Hytaýyň demir ýol ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassalygyny ep-esli ýokarlandyrjak tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna tarap möhüm ädim atjekdigini aýtdylar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem