Russiýada erkin ykdysady zolaklaryň sany iki esse artar
29 Iýun
Russiýada erkin ykdysady zolaklaryň sany iki esse artar

Erkin ykdysady zolak düzgüniniň 2024-nji ýylyň iýulyndan Belgorod, Brýansk we Kursk sebitlerine çenli giňeldiljekdigini Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin aprel aýynda geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy. Şeýle düzgün bu sebitleri ösdürmäge maýa goýýanlara girdeji, emläk, ýer salgytlary we ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek boýunça ýeňillikleri almaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, bu üç sebitdäki maýadarlar on ýylyň dowamynda federal girdeji salgydyna sezewar bolmazlar. Duşuşygyň bir bölegi Hökümetiň Telegram-kanalynda çap edildi.

— Senagat, logistika we maglumat tehnologiýalaryna hususy maýanyň çekilmegini ýeňilleşdirmek üçin Salgyt kodeksine we erkin ykdysady zolaklar baradaky kanunçylyga düzedişler girizmek zerur. Alnan kararlaryň telekeçileriň diňe bir çykdajylary azaltmak bilen çäklenmän, eýsem, önümleriň we hyzmatlaryň önümçilik möçberini ýokarlandyrmagyna, täze iş orunlaryny döretmegine we serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan raýatlary degişli zerurlyklar bilen üpjün etmegine ýardam berjekdigine umyt edýäris — diýip, Mihail Mişustin belledi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem