Ikinji «Xiaomi» awtoulagy ähli tarapdan görkezildi
29 Iýun
Ikinji «Xiaomi» awtoulagy ähli tarapdan görkezildi

Krossoweriň gizlin alnan suratlary internetde peýda bolansoň, «CarNewsChina» täze tehnologiýanyň ilkinji kompýuter suratlaryny köpçülige ýetirdi.

«Xiaomi» kompaniýasynyň baş direktory Leý Szýun kompaniýanyň ozaldan hem alyjysy ýetik bolan elektrik ulaglarynyň bazarynda bäsleşmek meýilnamasynyň ýokdugyny, munuň ýerine mümkinçiliklerini elýeterli we ýangyç tygşytlaýan gibrid modellerini öndürmäge gönükdirjekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, soňky maglumatlar «Xiaomi» kompaniýasynyň eýýäm elektrik krossowerini synagdan geçirýändigini görkezýär. Sosial ulgamda täze önümi «Ferrari Purosangue» bilen deňeşdirýärler.

Onuň «MX11 SU7» bilen bir platformada gurulmagyna garaşylýar. Täze krossoweriň ýaş alyjylary özüne çekmek üçin ýapyk görnüşli gabarasy bolar, bu bolsa onuň içki giňişliginiň «SU7-den» has uly boljakdygyny aňladýar. Bu ulagyň salonyna degişlidir. Ulagyň yzky ýük goýulýan bolegi hem giňiş bolar.

«MX11-iň» bahasy «SU7-den» has ýokary bolup biler. Model bazaryň lideri «Tesla Model Y.» bilen hem bäsdeşlik eder. «MX11» ulagy «Ford Mustang Mach-E», «Denza N7», «IM LS6» we beýleki modeller bilen hem bäsleşer.

«Xiaomi» kompaniýasynyň «MX11» ulagyny eýýäm 2025-nji ýylyň başynda çykarmagyna garaşylýar. Şeýle hem bu kompaniýa 20 000 dollar töweregi bolmagyna garaşylýan «Kunlun» kodly tygşytly modelini goşmak bilen beýleki önümlerini hem ösdürýär.

Esasy maýa goýumlary bilen, «Xiaomi» 15-20 ýylyň içinde dünýäniň iň gowy bäş awtoulag öndürijisiniň birine öwrülmegi maksat edinýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem