«Toyota Corolla» we «Camry» ulaglarynyň bahasynyň düşürilmegi brendiň önümleriniň satuwyny artdyrdy
02 Iýul
«Toyota Corolla» we «Camry» ulaglarynyň bahasynyň düşürilmegi brendiň önümleriniň satuwyny artdyrdy

1-nji iýulda iri awtoulag kompaniýalary önümleriniň satuwy boýunça maglumatlaryny çap etdiler. «FAW Toyota» bilelikdäki kärhanasynyň maglumatlarynda iýun aýynda 73545 täze awtoulagyň ýerlenendigi aýdylýar.

«IT Home» tarapyndan berlen habaryna görä, «FAW Toyota» lompaniýasynyň maý aýynda we ýylyň ilkinji bäş aýynda satuwy şeýle bir azaldy welin, ol ilkinji onlugy terk etmäge mejbur boldy. Maýda sanawyň onunjy ornuny 55215 awtoulagyny ýerlän «Tesla» eýeledi. Indi bolsa «FAW Toyota» öňdäki onluga gaýdyp geldi.

Iýun aýynyň ortalarynda «FAW Toyota» Hytaýda satuwyny ýokarlandyrmak üçin awtoulaglaryna rekord derejedäki arzanladyşlaryny yglan etdi. Mysal üçin, «Toyota Corolla» ulagynyň bahasy arzanladyşdan öň 16 000 dollar töweregidi. Iýunda bolsa ol 11 000 dollara düşdi. «Camry» barada aýdylanda bolsa, ulagyň bahasy 23600 dollardan 20600 dollara çenli düşürildi. Maý aýynda Hytaýda 7693 «Toyota Corolla» we 8681 «Camry» satyldy. Iýun aýynda satuwlaryň derejesi aç-açan ýokarlandy, ýöne modeller barada takyk maglumat berilmeýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem