Russiýada ýük awtoulaglarynyň sürüjilerine «Gök karta» berlip başlandy
02 Iýul
Russiýada ýük awtoulaglarynyň sürüjilerine «Gök karta» berlip başlandy

Täze «Gök karta» nusgasynyň sürüjileri üçin awtoulag jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şahadatnamalarynyň resmi taýdan berilmegi 1-nji iýuldan başlandy. Bu barada Russiýanyň ätiýaçlandyryjylar bileleşiginiň habaryna salgylanýan «Logirus» habar berdi.

Ulag kompaniýalary köne şahadatnamalary 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden bäri täze nusga çalşyp bilýärler. «Skif-Kargo» ulag kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Sergeý Orehowyň pikiriçe, sürüjiler täze nusgany almakda kynçylyk çekmeýärler. «Ýaşyl kartanyň» möhleti gutaran badyna olara «Gök karta» berilýär.

– Karta nusgalarynyň arasyndaky esasy tapawut, eger sürüji diňe Belarusyň çäginden çykýan bolsa «KASKO» ätiýaçlandyryşyny hem almaly bolar. Çünki «Gök karta» häzirki wagtda diňe Russiýada we Belarusda hereket edýär — diýip, bilermen belledi.

Russiýanyň awtoulag ätiýaçlandyryjylary bileleşigi (RUA) bilen Belarusyň Ulag ätiýaçlandyryş býurosynyň (BBTS) arasynda «Gök karta» üçin baglaşylan şertnama bilen kesgitlenen ätiýaçlandyryş düzgünleri käbir nokatlary hasaba almasaň, «Ýaşyl kartanyň» düzgünlerine meňzeýändigini «TRASKO-nyň» dolandyryş direktory Timur Kiselew tassyklady. Aýratynlyklaryň biri «hasaplaşyk walýutasy» bilen baglanyşykly. Hakykatdan hem, täze nusga ýol-ulag hadysasynyň bolan ýurdunyň walýutasynda bolan hadysada zyçan çeken tarapyň ýitgileriniň öwezini dolýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem