Hytaýda uzak aralyga uçup biljek elektrik uçarlary döredilýär
SalamNews
Jemgyýet/Ekologiýa, Dünýäde, Tehnologiýa
3 sagat öň
Hytaýyň «Contemporary Amperex Technology Co. Limited (CATL)» kompaniýasy ekologiýa taýdan arassa howa gatnawyny ep-esli ýokarlandyrmak üçin ultra ýokary dykyzlykly batareýalar bilen işleýän 4 tonnalyk häzirki zaman uçaryny üstünlikli synagdan geçirdi. CATL dünýä bazaryndaky paýy 37% bolan elektrik ulaglary üçin batareýalary öndürmekde öňdebaryjydyr. Hytaý kompaniýasynyň batareýalaryny — «Forddan» «Tesla» çenli iri awtoulag öndürijileri ulanýarlar.
Hytaýyň uçar öndüriji kompaniýasy «COMAC» bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen täze batareýa ýokary howpsuzlyga we agramy azaltmaga gönükdirilendir. Bu batareýa kuwwaty boýunça «Tesla» elektrik ulaglarynda ulanylýan litiý-ion batareýalaryndan we beýleki bar bolan görnüşlerden ýokarydyr.
Taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Hytaýa ekologiýa taýdan arassa awiasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekde öňdebaryjy orunlary eýelemäge mümkinçilik berer.
Öndürijiniň pikiriçe, täze batareýa ekologiýa taýdan arassa uçarlaryň gidip biljek aralygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir. «CATL» meýilnamalaryny durmuşa geçirmegi başarsa, bu hakyky üstünlik bolar. Mysal üçin, taryhdaky iň uly elektrik uçary bolan «Elysian E9X» taslamasynda uçuş aralygy bary-ýogy 1000 km.
Şeýle-de bolsa, käbir bilermenler şeýle ýokary energiýa dykyzlygy bolan batareýalary ulanmagyň howpsuzlygy barada alada edýärler. Batareýa agram birligi üçin näçe köp energiýa sarp etse, termiki ýokarlanma meseleleriniň döremek ähtimallygy şonça-da uly bolar we birje zadyň nädogry bolmagy «weýran ediji» netijä getirip biler.