Özbegistandaky ammarlaryň bahasy soňky üç aýyň dowamynda dört esse ýokarlandy
03 Iýul
Özbegistandaky ammarlaryň bahasy soňky üç aýyň dowamynda dört esse ýokarlandy

2024-nji ýylyň aprel aýynyň başynda Özbegistanda boş ammar galmady. Şeýle-de bolsa, ikinji çärýegiň netijelerine esaslanyp, ýagdaýyň düzediljekdigini we «Orient Logistics» logistika merkeziniň işe girizilmegi netijesinde boş ýerleriň paýynyň 6,8 göterime çenli ýokarlanjakdygyny «NF Group» toparynyň analitikleri çaklaýarlar. Bir ýylyň dowamynda bu desga boýunça doly şertnamalaryň baglaşylmagyna we ýerlenilmegine garaşylýar.

«Orient Logisticsden» başga-da, Özbegistanyň bazarynda gümrük amallary we 3PL-hyzmatlaryny bermek üçin ulanylýan «Bayer Group» we «DHL» ammarlary, şeýle hem «Uzum Market» täze logistika we paýlaýyş merkezleri ýaly «A» synp talaplaryna laýyk gelýän birnäçe täze desga bar. Bu desgalar kompaniýanyň öz zerurlyklary üçin gurulýar.

«NF Group» toparynyň çaklamalaryna görä, ýylyň ahyryna çenli Özbegistanda ammarlaryň azyndan 60 müň inedördül metri ulanylmaga berler. Olaryň ýokary hilli ammarlardygyny bellemk gerek. Iň möhüm desgalaryň arasynda «Orient Logistics» logistika merkeziniň ikinji tapgyry (21,5 müň inedördül metr), «Uzum Market» logistika merkeziniň birinji tapgyry (21 müň inedördül metr) we «Balton Trading Asia» ammar toplumy (20 müň inedördül metr) bolar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem