Hytaý Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen Ýewropa demir ýol aragatnaşygyny ýola goýdy
03 Iýul
Hytaý Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen Ýewropa demir ýol aragatnaşygyny ýola goýdy

Hytaý Russiýanyň üsti bilen Ýewropa yzygiderli demir ýol ýük aragatnaşygyny ýola goýdy. Bu barada Hytaýyň iri logistika kompaniýalarynyň biri bolan «Sinotransyň» maglumatlaryna salgylanýan «Xinhua» agentligi tarapyndan habar berildi.

— Bu yzygiderli ýük otlusynyň işe girizilmegi harytlary Pekinden göni Ýewropa ýollamaga, çykdajylary azaltmaga we netijeliligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer» — diýip, belleýän «Sinotransyň» Demirgazyk Hytaý bölüminiň baş direktorynyň orunbasarynyň sözleri hem agentlik tarapyndan köpçülige ýetirildi.

Gurluşyk materiallaryny, sarp ediş elektronikasyny we beýleki harytlary öz içine alýan ýük otlusynyň duşenbe güni Hytaýyň paýtagtynyň demirgazyk-gündogaryndaky Pingu etrabynda ýerleşýän logistika merkezinden Moskwa tarap ugrandygy habar berildi. Duşenbe gününden başlap, bu ugur boýunça ýük daşamak her aý azyndan bir gezek amala aşyrylar.

Bu ugur boýunça otlynyň synagy 2023-nji ýylyň mart aýynda amal edildi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem