Russiýa, Hytaý we Gazagystan ýeke-täk sanly geçelge döretmek barada ylalaşyk gazandy
04 Iýul
Russiýa, Hytaý we Gazagystan ýeke-täk sanly geçelge döretmek barada ylalaşyk gazandy

Astanada Hytaý — Gazagystan — Russiýa ugry boýunça «ýeke sanly geçelgäni» döretmek barada üç taraplaýyn şertnama gol çekildi.

Bu barada Gazagystanyň «Samruk-Kazyna» milli abadançylyk gaznasy paýdarlar jemgyýeti habar berdi.

Resminama «Славтранс-Сервис» paýdarlar jemgyýetiniň, «Xi'an Free Trade Port Construction and Operation Co., Ltd» kompaniýasynyň we «КTZ Express» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gol çekildi. Muny gaznanyň metbugat gullugy tassyklady.

Ylalaşyga gol çekişmek çäresi Gazak-Hytaý işewürlik geňeşiniň mejlisiniň çäginde Astanada geçirildi. Habarda aýdylyşy ýaly, bu ýerde 3,7 milliard dollardan gowrak serişdä barabar bolan 40-dan gowrak resminama gol çekildi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem