«Moskwiç» kysymly ulagyň iň uly modeline öwrüljek ýedi orunlyk «Moskwiç 8» krossoweri şu ýylyň oktýabrynda satuwa çykarylar.
«Satuwy oktýabr aýynda başlamagy meýilleşdirýäris» — diýip, Moskwanyň awtoulag zawodynyň metbugat gullugy awtoulagyň şu ýazda geçirilen görkezilişinde, soň bolsa mahabat suratlarynda beýan etdi.
Täze önümiň gabarasynyň ölçegleri 4824 x 1870 x 1756 mm, tigir binýady 2830 mm bolar. Awtoulag «Hyundai Santa Fe» we «Kia Sorento» bilen bir synpa degişli bolup, ol «JAC X8 Plus» hem-de «Sehol X8 Plus» nusgalarynyň göçürmesidir.
Awtoulag 174 at güýji bolan 1,5 litrlik GDI benzin turbo hereketlendirijisini alar we diňe öňki tigirleri hereket edýän ýedi tizlikli geçiriji bilen işlär.
Enjam 12,3 dýuýmlyk ekrany, smartfon üçin geçirijisiz energiýa berişi, panoramiki tomaşa ulgamy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, «Apple CarPlay» we «Android Auto» mümkinçiliklerini goldaýar.