Jizak sebitindäki «BYD Uzbekistan Factory» bilelikdäki kärhanasy ilkinji elektrik ulaglaryny öndürip başlady. Zawodyň ýyllyk kuwwatynyň 50 müň awtoulag öndürmäge mümkinçilik berýändigini, taslamanyň birinji tapgyryna goýlan maýa goýumlaryň 160 million dollara barabar bolandygyny Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Häzirki wagtda «BYD Uzbekistan Factory» kärhanasy «Chazor» we «Song Plus Champion» modellerini öndürýär. Ýakyn ýyllarda zawodyň modelleriniň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Taslamasynyň ikinji tapgyrynyň umumy bahasy 300 million dollar bolan önümçiligi ýylda 200 müň elektrik ulagyny öndürmek kuwwatyna eýelik etse, 500 million dollarlyk üçünji tapgyrda 500 müňe çenli awtoulag öndürmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu kärhanada 1,2 müň adam işleýär we zawodyň iň ýokary kuwwata ýetmegi bilen iş orunlarynyň sany 10 müňe ýeter.
«AUTOSTAT» tarapyndan habar berlişi ýaly, elektrik ulagy segmenti çalt ösýär we 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Özbegistanda awtoulag bazarynyň 10 %-ini eýeledi. 2023-nji ýylyň rekord satuwyndan soň, 2024-nji ýylda ýene bir ajaýyp netije bellige alyndy, birinji çärýekdäki satuw 89938 birlige (+ 26,8%) ýetdi.