«FAW Toyota» bilelikdäki kärhanasy «Toyota Corolla 2024» sedanyny bazara çykardy. Awtoulag üç bezeg derejesi we üç güýç gurluşy bilen hödürlenýär.
Iň amatly nusgasy 1,5 litrlik hereketlendiriji bilen utgaşdyrylyp, onuň bahasy — 16 000 dollar. Awtoulagyň turbo görnüşli 1,2 litrlik hereketlendirijili nusgasynyň bahasy gymmatlaýar — 16,9 we 17,7 müň dollar. 1,8 litrlik hereketlendirijä esaslanýan gibrid nusgasynyň bahasy bolsa 18,1-den 21,4 müň dollara çenli. Ulagyň gibrid görnüşiniň 2024-nji ýyla geçmek bilen 275 dollara çenli arzanlandygy bellärliklidir. Içki ýangyç hereketlendirijileri bolan awtoulaglar adaty wariatora hem-de gibrid güýç gurluşynyň düzümindäki «e-CVT» wariatoryna esaslanýar.
Awtoulagyň dizaýny üýtgemedi. Ölçegleri — 4635 x 1780 x 1455 mm, tigir binýadynyň uzynlygy — 2700 mm, ýük üçin niýetlenen yzky bölegiň göwrümi — 427 litr. Ulagyň salonynda iki sany 10 dýuýmlyk ekran bar we «uýgunlaşmak gezelenji» dolandyryşy ýaly sürüjä kömek berýän ulgamlaryň birnäçesi bilen enjamlaşdyrylandyr.