Eýranyň hususy kompaniýasy Gazagystana Bender-Abbas portunda terminal gurmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi
05 Iýul
Eýranyň hususy kompaniýasy Gazagystana Bender-Abbas portunda terminal gurmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi

Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin Eýranyň «Golden Line» gämi gatnaw kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Ali Akbar Ehsani bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriniň resmi maglumat çeşmesine salgylanýan «inbusiness.kz» habar berýär.

Hususy kompaniýa harytlaryň üstaşyr daşalmagy we eksporty bilen meşgullanýar, konteýnerleri ýüklemek, düşürmek, saklamak, şeýle hem Eýranyň Kaspian porty boýunça ulag hem logistika hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini hödürleýär. Häzirki wagtda bu kompaniýa Gazagystandan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan, Russiýadan hem-de Azerbaýjandan dürli ýükleri eksport etmek we üstaşyr geçirmek boýunça hyzmatlaryny Pars aýlagy, Hindi ummany, Aziýa we Afrika ýurtlaryna çenli giňeltmek isleýär.

Duşuşykda Ali Akbar Ehsaniniň habar berşi ýaly, kompaniýanyň esasy ýük we düşüriş desgalarynyň we gämileriniň ýerleşýän Hazar deňzindäki porty (Kaspian) Hazar portlary bilen Pars aýlagynyň arasynda göni demir ýol aragatnaşygyny üpjün etjek Eýranyň demir ýol ulgamyna birikdirildi. Gämi gatnaw kompaniýasynyň başlygy Bender-Abbas portunda gazak terminalynyň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlygy teklip etdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem