
Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA) seljermelerine görä, 2024-nji ýylyň maý aýynda global raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,7% ýokarlandy we 22,9 milliard tonna kilometre ýetdi. Howa ýük daşalşyna isleg bassyr altynjy aý iki nusgada ösýär: geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende dekabrda — 10,8%, ýanwarda — 18,4%, fewralda — 11,9%, martda — 10,3, aprelde bolsa 11,1%.
Halkara ugurlarynda raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy has-da artdy — geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 15,5%.
IATA-nyň baş müdiri Uilli Uolş howa gatnawlaryna islegiň ähli sebitlerde çalt ösýändigini aýtdy. Onuň pikiriçe, şular ýaly netijeler söwdanyň ösmegi, elektron söwdany işjeň ösdürmek, şeýle hem deňiz ulag pudagynda mümkinçilikleriň çäkliligi bilen düşündirilýär. Ulag gatnawlarynyň möçberi Afrikada (18,4%), Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde (17,8%) we Ýewropada (17,2%) iň çalt depginde ýokarlandy. Bu ugurda iň pes görkeziji Demirgazyk Amerikada (8,7%) bellige alyndy.
Howa ýük bazaryndaky üpjünçilik ösmegini dowam etdirýär, ýöne ösüş depgini haýallaýar. Mart aýynda ösüş geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,3% bolan bolsa, aprelde eýýäm 7,1%, maýda bolsa 6,7% boldy. Halkara ugurlarda bolsa ösüş 2024-nji ýylyň aprelinde – 10,2% görkezijide bolmagynda galýar.