«Владимир Жириновский» syýahat gämisiniň ulanyşa berlen senesi ýene yza çekildi. Indi ony 2025-nji ýylda Hazar deňziniň üsti bilen ýüzüşe goýbermek meýilleşdirilýär. Bu hakda Gazagystanyň Syýahatçylyk we sport ministrligine salgylanyp «Kazinform» habar berdi.
— Russiýanyň «Владимир Жириновский» syýahat gämisiniň işe girizilmegi (2024-nji ýylyň başynda ady üýtgedildi. Öň «Beýik Pýotr» diýlip atlandyrylýardy) sebitiň syýahatçylyk mümkinçiliginiň ösmegine oňyn täsir eder. Astrahan sebitiniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň habaryna görä, «Lotos» Astrahan gämi abatlaýyş kärhanasynda gurulýan gämi 2024-nji ýylyň ahyryna (noýabr-dekabr) doly ulanylmaga berler. Gämi «Suwdaky bäş ýyldyzly myhmanhana» düşünjesine laýyk gelýär. Onuň 2025-nji ýylyň başynda işe giriş şahadatnamasyny almagyna garaşylýar — diýip, degişli bölüm habarlar gullugynyň habarçysynyň resmi soragyna jogap berdi.
Ministrligiň habaryna görä, 2025-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda syýahat gämisiniň Hazar deňzi boýunça hereketi ýola goýlar.
Çak edilişine görä, «Владимир Жириновский» syýahat gämisiniň Astrahan (Russiýa), Aktau (Gazagystan), Türkmenbaşy(Türkmenistan), Amirabad, Nuşer, Anzeli (Eýran Yslam Respublikasy), Baku (Azerbaýjan Respublikasy), Mahaçkala (Russiýa) portlaryna girmegi göz öňünde tutulýar.


