Polşa Belarusyň serhedine çenli uzaýan awtoulag ýolunyň gurluşygyny dowam etdirýär. S19 «Кузница Белостоцкая» barlag-gözegçilik nokadynyň öňünde tamamlanýar. Bu ýerde ýoluň alty zolakly hereket ugruny gurmak meýilleşdirilýär, şolardan dördüsi ýurtdan çykmak üçin bolar. Serhet geçelgesiniň golaýyndaky ýoluň 600 metrlik bölegi sement-beton tehnologiýasy bilen, galanlary adaty asfalt-bitum arkaly asfaltlanar.
Köpler Polşa tarapynyň bu taslamany saklajakdygyny çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, «AvtoGrodno» tarapyndan berlen habarda ugruň şu ýylyň ahyryna çenli açylyp bilinjekdigi aýan edilýär.
Umumy uzynlygy 15,8 km barabar bolan ýol gurlar. Ilkinji 5,25 km umumy ýol standartyna eýe bolar, indiki 10,5 km bolsa 140 km/sag çenli bolan tizlikli hereket edilýän ýol ugruny emele getirer.
Mundan başga-da, serhet geçelgesiniň golaýynda 820 sany awtoulag üçin uly göwrümli logistika merkezi açylar. Bu ýerde işleriň başlananyna kän wagt geçenok. Muňa garamazdan, eýýäm onuň geljekki ulag merkezi üçin sebiti kesgitlemek tapgyry başlandy.