«Tranzit» kompaniýasy Wnukowo howa menziliniň golaýynda A synp ammaryny açdy
06 Iýul
«Tranzit» kompaniýasy Wnukowo howa menziliniň golaýynda A synp ammaryny açdy

«Tranzit» ulag kompaniýasy Täze Moskwada «A» synp ammarynyň açylandygyny habar berdi. Kompaniýanyň habaryndan görnüşi ýaly, desga Wnukowo howa menziliniň golaýyndaky Kiýewskiý we Borowskiý awtoulag ýollarynyň aralygynda ýerleşýär.

Ammaryň tutýan meýdany — 12,5 müň inedördül metr. Ol ýük saklamak üçin niýetlenen zerur şertler bilen birlikde, tekjeler we ýarym tekjeler bilen enjamlaşdyrylandyr. «Tranzit» tarapyndan berlen maglumatda ýigrimi derwezäniň we daşarky rampanyň bolmagynyň «sargytlary gaýtadan işlemegiň wagtyny ep-esli azaltjakdygy we müşderileriň ýüklerini uly hem kiçi tonnalyk ulaglarda çalt eltip bermegi üpjün etjekdigi» aýdylýar.

Kompaniýanyň web saýtynda ýerleşdirilen materiallarda şu günki gün «Tranzidiň» Hytaýda, Koreýada we Russiýada ýerleşýän 25-den gowrak ammary dolandyrýandygy görkezilýär.

«InfraNews» saýtynda beýan edilşi ýaly, 2024-nji ýylda Russiýanyň ammar toplumlaryna maýa goýumlaryň möçberi 120 — 140 milliard rubla ýetip biler we bu täjirçilik gozgalmaýan emläklerini ösdürmek üçin maýadarlar tarapyndan bölünip berlen serişdeleriň 20 %-ini üpjün edýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem