Özbegistan we Owganystan ulag hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy
08 Iýul
Özbegistan we Owganystan ulag hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

«Trend» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, 4-nji iýulda Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, mundan beýläkki ösüşiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýük daşamak üçin ýygymlary we beýleki tölegleri azaltmak arkaly gatnawlary amala aşyrýan milli taraplar üçin amatly şertleri döretmek barada pikir alyşdylar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem