Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly 2024» rallisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
08 Iýul
Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly 2024» rallisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

«Ýüpek ýoly 2024» rallisine badalga bermek dabarasy 5-nji iýulda agşam Tomskda geçirildi. Bu ýerde on günüň dowamynda bäş müň kilometri külterlejek we ýaryşy Mongoliýanyň paýtagtynda tamamlajak ekipažlar tanyşdyryldy.

Müňlerçe janköýeriň ulaglarynda alyslara ýol saljak ekipažlary mübäreklemäge hem-de T1 ulaglaryndan başlap, köp tonnalyk agyr ýük awtoulaglaryna çenli öz gözleri bilen görmäge ýygnanmagy ajaýyp dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Ýokary derejeli myhmanlaryň çykyşlary bilen «Ýüpek ýoly» rallisiniň açylyş dabarasynda ekipažlar giň münbere çagyryldy.

Bu ýaryşa türkmen ekipažlarynyň üçüsi gatnaşýar.

2024-nji ýylda «Ýüpek ýoly» rallisiniň ugry Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginden geçer: Tomsk, Barnaul, Koş-Agaç, Howd, sebitlerinden ýol salyp, Altaýyň, Baýanhongoryň, Mandalgowyň we Ulan-Batoryň (soňky üç nokat Mongoliýada ýerleşýär) çäginden uzar. Ýaryş 15-nji iýula çenli dowam eder.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem