«CMA CGM» maý aýynda iň «takyk» deňiz ugruna öwrüldi
08 Iýul
«CMA CGM» maý aýynda iň «takyk» deňiz ugruna öwrüldi

«Sea-Intelligence» seljeriş agentligi tarapyndan taýýarlanan «Global Liner Performance» hasabatyna görä, maý aýynda ýük daşama ugurlarynyň meýilnamalarynyň global ygtybarlylygy 55,8% bolup, ol 2024-nji ýylyň iň ýokary derejesidir. Hasabat 34 söwda ýolunyň derňewine esaslanýar.

Şeýle-de bolsa, ygtybarlylyk görkezijisi 11% pese gaçdy. Bu 2023-nji ýylyň maýy bilen deňeşdirilende, gäminiň gijikdirilişiniň ortaça tizliginiň 0,7 günden 5,1 güne çenli ýokarlanandygyny aňladýar.

Maý aýynyň jemi boýunça iň «takyk» deňiz ýük daşama ugurlarynyň hatarynda «CMA CGM», «Evergreen» we «Maersk» bar. Olaryň hemmesiniň ygtybarlylygy 55% ýa-da has ýokary bolupdy. Şol bir wagtyň özünde bolsa hasabat döwründe iň ygtybarly deňiz ýük daşaýjysy Singapuryň «Pacific International Lines (PIL)» gämi gatnaw kompaniýasy boldy. Onuň «takyklyk» baly 44,5% boldy.

«Sea-Intelligence» gullugynyň habaryna görä, 2021-nji ýylyň dowamynda meýilnamanyň ygtybarlylygy 34 %-den 40 %-e çenli derejä ýetdi. Tertipden galan gämileriň ortaça gijä galmagy 7,27 gün.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem