Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini gutlady
08 Iýul
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Kir Starmeri Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Kir Starmere tüýs ýürekden berk jan saglyk, Beýik Britaniýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem