2,5 ýyldan soň ilkinji ýeňşini gazanan Hemilton öz 2 rekordyny hem täzeledi
09 Iýul
2,5 ýyldan soň ilkinji ýeňşini gazanan Hemilton öz 2 rekordyny hem täzeledi

«Formula - 1» boýunça möwsümiň 12-nji ýaryşy Beýik Britaniýada geçirildi. Northamptonşaýr sebitindäki belli Silwerstoun şäherçesiniň adybir trassasynda geçirilen ýaryşda ýerli sürüjiler öňe saýlandy. «Mercedes» toparyndan Jorj Rassell ilkinji hatardan bat alyp, 33 aýlawda ulagyndaky ýüze çykan kemçilik sebäpli tamamlap bilmedik ýaryşynda onuň topardaşy hem watandaşy Lýuis Hemilton ýeňiji boldy. Ol 52 aýlawy 1 sagat 22 minut 27,059 sekuntda tamamlady. Hemilton soňky gezek 2021-nji ýylyň dekabrynda Saud Arabystanynda, ýagny 945 gün ýeňiş gazanypdy. Karýerasyndaky 104-nji, şol sanda Silwerstoundaky 9-njy ýeňşini gazanmak bilen 39 ýaşyndaky sürüji 2 görkeziji boýunça-da öz rekordyny ösdürdi.

Ýaryşda sanawyň lideri, «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Ferstappen 2-nji, «McLaren» toparynyň britan sürüjisi, sanawyň 2-nji basgançagynda barýan Lando Norris 3-nji orny eýeledi. Onuň topardaşy, awstraliýaly Oskar Piastri ýaryşy 4-nji bolup tamamlady. «Ferrari» toparynyň ispan sürüjisi Karlos Saýns Junior 5-nji orna mynasyp boldy.

12-nji ýaryşdan soň Ferstappen 255 utuk bilen sanawyň başyny çekmegini dowam edýär. 2-nji orundaky Norrisiň 171 utugy bar. Şarl Lekler 12 ýaryşda 150 utuk toplap, 3-nji orunda barýar.

Formula 1 boýunça möwsümiň 13-nji ýaryşy 21-nji iýulda Wengriýanyň Modiorod şäherçesindäki «Hungaroring» trassasynda geçiriler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem