Özbegistan ýük awtoulaglaryň sürüjilerini Ýewropada işlemäge taýýarlap başlar
09 Iýul
Özbegistan ýük awtoulaglaryň sürüjilerini Ýewropada işlemäge taýýarlap başlar

Özbegistanyň Daşarky zähmet migrasiýasy agentligi Latwiýanyň «Kreiss» ulag we logistika kompaniýasy bilen ýük awtoulag sürüjilerini Latwiýada guramaçylykly işe almak barada şertnama baglaşdy. Bu barada «Dunýo» habar berýär.

«Kreissiň» wekilleri Özbegistana eden sapary wagtynda Ulag ministrliginiň we Halkara ýol ulaglary assosiasiýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdiler. Sürüjiler «Watanparwar» sürüjilik mekdebiniň binýadynda tälim alarlar. Okuwyň netijelerine esaslanyp, Ýewropa standartlaryna laýyklykda şahadatnamalar alyp, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda iş alyp bararlar. Latwiýa guramaçylykly işe almak baradaky şertnamada 600 özbek sürüjisiniň ýollanylmagy göz öňünde tutulýar.

Awtomobil ulaglarynyň bütondünýä guramasynyň maglumatlarynda aýdylyşy ýaly, Ýewropa awtoulag sürüjileriniň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, kompaniýalaryň takmynan 50 %-iniň öndürijiliginiň peselmegine we 2023-nji ýylda olaryň girdejisiniň 39% azalmagyna sebäp boldy. Eger degişli çäreler görülmese, sürüji ýetmezçiliginiň 2028-nji ýyla çenli 233000-den 745000-e çenli ýokarlanjakdygy diýlip çaklanylýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem