«Toyota» bilen hiç kim bäsleşip bilmez: Kompaniýa 2024-nji ýylda 3,6 million awtoulag satdy
09 Iýul
«Toyota» bilen hiç kim bäsleşip bilmez: Kompaniýa 2024-nji ýylda 3,6 million awtoulag satdy

«Focus2Move» toparynyň seljerijileri 2024-nji ýylda awtoulaglaryny iň köp satmagy başaran kompaniýalary atlandyrdy.

«Toyota» ýene-de bu reýtingiň birinji basgançagynda ynamly ýerleşdi: ýapon brendi şu ýylyň bäş aýynda 3,6 million ulagyny ýerledi. Deňeşdirme hökmünde bellesek, şol döwürde «Volkswagen» 1,9 million awtoulagyny satdy. Şol bir wagtyň özünde bolsa «Toyota» kompaniýasynyň satuwynyň az-kem peselendigini bellemelidiris (1,4%). Munuň tersine, «Volkswagen» bu ugurda 2023-nji ýylyň ilkinji bäş aýy bilen deňeşdirilende 4,9 göterimlik ösüş gazandy.

Üçünji ýeri 1,6 million awtoulag satmagy başaran «Honda» (geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5,3 göterim köpeldi) eýelese, «Ford» (1,5 million awtoulag, satuw 1,1 göterim ýokarlandy) we «Hyundai» (1,5 million birlik, satuw 2,9% azaldy) ilkinji 5-lige girdi.

Öňdäki onluga giren beýleki brendler:

«Nissan» (1,3 million awtoulag satdy, ösüş — 4,7%);

«Chevrolet» (1,3 million awtoulag satdy, ösüş — 4,8%);

«Kia» (1,2 million awtoulag satdy, ösüş — 2,9%;

«BYD» (1,1 million awtoulag satdy, ösüş — 24,3%);

«BMW (944 598 awtoulag satdy, ösüş — 9%).

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem