Dünýäniň konteýner bazarynyň täze rekordy
10 Iýul
Dünýäniň konteýner bazarynyň täze rekordy

«CTS» hyzmaty maý aýynyň jemi boýunça dünýäniň konteýner bazarynyň netijesini 15,94 million TEU bahalandyrdy — bu täze rekord. Hatda 2021-nji we 2022-nji ýyllaryň iň ýokary derejesinden hem uly görkeziji.

Şol bir wagtyň özünde bolsa ýer we şertnama bazarlarynyň dinamikasyny şöhlelendirýän nyrh görkezijisi bolup, ol degişli aýyň dowamynda 6 ball ýokarlanyp, 89 balla ýetdi. Bu pandemiýa döwrüniň iň ýokary görkezijisiniň ýarysyndan gowragy, ýöne geçen ýylyň ahyryndaky 70-den pes derejeden ep-esli ýokarlandy.

Pandemiýadan öňki döwür — 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň eksporty degişlilikde «minus» belliginde galýar: -10% we -14%. Aziýadan konteýner eksportynyň möçberi 2019-njy ýyldakydan 14% ýokary bolup, ol bir ýyl ozalky bilen deňeşdirilende 7% ýokarlandy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem