Ulag ministri Marat Karabaýew hökümet ýygnagynda respublikan ähmiýetli 25 müň kilometrlik ýoly saklamak üçin 80 milliard gazak teňňesiniň gerekdigini aýtdy. Bu barada «inbusiness.kz» habar berýär.
Şonuň üçin hem, tölegli ýollary girizmek boýunça işleriň býudjetden boşadylmagy dowam etdiriler.
«Gazagystanda tölegli ýollar üçin nyrhlar Russiýa, Belarus, Türkiýe, Hytaý, Polşa ýaly ýurtlar bilen deňeşdirilende ep-esli pes. Şunuň bilen baglylykda, häzirki nyrhy 20% ýokarlandyrmak bilen ýoluň tehniki hyzmatlarynyň çykdajylarynyň öwezini dolmak meselesine seredilýär. Şol bir wagtyň özünde ýerli sürüjilere degişli ýeňillikler berler. Esasy agram ýurduň üstünden geçýän ýük ulaglaryna gönükdiriler» — diýip, Karabaýew belledi.