«Ýüpek ýoly» rallisiniň altynjy tapgyry: M.Toýlyýewiň ekipažy ikinji, M.Daňatarowyň topary üçünji boldy
11 Iýul
«Ýüpek ýoly» rallisiniň altynjy tapgyry: M.Toýlyýewiň ekipažy ikinji, M.Daňatarowyň topary üçünji boldy

«Ýüpek ýoly» rallisiniň Mongoliýanyň Howd şäheriniň golaýyndaky halkalaýyn ugur boýunça geçen altynjy tapgyry ýaryşyň iň uzyn bölegini özünde jemledi. 542,30 kilometre uzan tapgyr deňiz derejesinden 1040 — 1750 metr belentlikdäki çarkandakly menzillerden uzady.

Türkmen ekipažlarynyň gatnaşmagynda geçýän T2 ýaryşynyň altynjy tapgyrynda hem ýeňiş gazanan Andreý Suşenkow umumy hasap boýunça eýeleýän birinji ornuny kiç kime bermedi. Ildeşlerimiziň esasy bäsdeşlerinden biri bolan «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparynyň sürüjisi Mihail Mitýaýewiň ulagy tehniki meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu bolsa onuň garşydaşlaryndan 10 sagat çemesi gijä galmagyna getirdi. Bäsleşikde ýeňşe dalaşgärleriň biri hasaplanýan «Podmoskowýe» toparynyň wekili Anton Melnikowyň ulagynyň herketlendirijisi dykyldy we ol ýaryşy wagtyndan öň tamamlamaga mejbur boldy.

Şeýlelikde, indi umumy hasapda öňde barýan Suşenkowyň esasy garşydaşlary türkmen ekipažlary bolup galdy. Olardan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň sürüjileri Merdan we Şöhrat Toýlyýewler altynjy tapgyry ikinji orunda tamamladylar. 2022-nji ýylyň «Ýüpek ýoly» rallisinde ýeňiş gazanan türkmen topary umumy hasap boýunça Suşenkowdan iki ýarym sagatdan gowrak yzda barýar. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň ýene bir ekipažy — Maksatmyrat Daňatarowyň topary bolsa altynjy tapgyrda öňdäki üçlügi jemlemegi başardy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem