Dünýäniň iň iri portlarynyň mümkinçilikleri we islegler
12 Iýul
Dünýäniň iň iri portlarynyň mümkinçilikleri we islegler

«Linerlytica» tarapyndan habar berlişi ýaly, dünýäniň iň iri portlaryna düşýän ýüküň aşa agdyklyk etmegi bu ugurda 18 aýlyk derejä ýetilmegine sebäp boldy. Duran gämileriň 60 %-i Aziýada ýerleşýär. Iýun aýynyň ortalarynda gämi duralgasynda umumy kuwwaty 2,4 million TEU-dan gowrak gämileriň durandygy aýdylypdy.

«Drewry» tarapyndan hödürlenen maglumatlarda Singapurda ýükleriň iberilmeginiň ýanwar-maý aýlary aralygynda ortaça 22% ýokarlanandygy aýdylýar. Konteýner gämisiniň gämi duralgasynda garaşýan wagty ortaça iki-üç gün boldy, Singapuryň Deňiz we portlar gullugy (MPA) maý aýynyň ahyrynda «Linerlytica» hem-de «PortCast» konteýner yzarlaýyş hyzmatlary toparlary bolsa gijikdirmeleriň bir hepde dowam edip biljekdigini aýtdy. (Ozal gämi duralgasy bir günden az wagt alýardy).

«Linerlytica» Malaýziýanyň Klang we Tanjung-Pelepas portlaryna düşýän ýüküň hem artýandygyny yglan etdi. Şanhaýda we Çingdaoda iň uzak gijä galmagyň bellige alynmagy bilen Hytaý portlarynda garaşmagyň wagty hem artdy.

Singapuryň Portlar müdirligi uzak garaşmak meselesini çözmek üçin köne gämi duralgalaryny we gämi abatlaýyş kärhanalaryny açdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem