Hytaýyň ýeňil awtoulaglary öndürijiler assosiasiýasynyň maglumatlaryna salgylanýan «Xinhua» habarlar agentligi 2024-nji ýylyň iýunynda Hytaýdan ýolagçy awtoulaglarynyň eksportynyň 378 müň birlik bolup, munuň geçen ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende-de, şu ýylyň maýy bilen deňeşdirilende hem 28% köpdügini habar berdi.
Günorta Amerikanyň bazarynyň dikeldilmeginiň çäginde iýun aýynda Hytaýyň awtoulaglarynyň eksporty 325 müň birlige (+ 31%) çenli ýokarlandy.
Şol bir wagtyň özünde bolsa Hytaý bilen daşary ýurtlaryň bilelikdäki kärhanalary tarapyndan öndürilen iň ýokary derejedäki kaşaň awtoulaglaryň we beýleki awtoulaglaryň eksporty 12% artyp, 54 müň birlige ýetdi.
Hytaýdan täze energiýa çeşmeleri bilen hereket edýän ulaglaryň (NEV) eksporty 80 müň birlik bolup, munuň özi bir ýyl ozalkydan 12,3% köpdür. Ýylyň birinji ýarymynyň ahyrynda «NEV» ulaglarynyň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,2% artyp, 586 müň birlige ýetdi.