Adrian Nýu «Red Bull» bilen bilelikde RB17 giperkaryny hödürledi
16 Iýul
Adrian Nýu «Red Bull» bilen bilelikde RB17 giperkaryny hödürledi

«Formula 1»-iň ady rowaýata öwrülen dizaýneri Adrian Nýu «Red Bull Racing» topary, «Red Bull Advanced Technologies» bölüminiň gatnaşmagynda döredilen RB17 giperkaryny hödürledi diýip, «runews24.ru» ýazýar.

RB17 2022-nji ýylyň iýunynda yglan edileli bäri düýpli özgerişlikleri başdan geçirdi. Iň bellemeli zat, «Formula 1» görnüşli V8 turbo hereketlendirijisini 4,5 litrlik «V10» hereketlendirijisi bilen çalyşmak we irki prototiplerde bar bolan tigirli ulgamdan ýüz öwrülmegidir.
Gudwud şäherindäki hödürlenişiň öňüsyrasynda Nýu «Autosport» neşirine beren interwýusynda täze önüme bolan garaýşyny «Meniň pikirimçe, şuňa meňzeş taslamalar dünýäni adamlaryň öýlerinde ýa-da garažlarynda saklamaga mümkinçilik berjek sungat eserleri bilen üpjün etmelidir» diýen sözler bilen paýlaşdy.

Adrian Nýu «Formula 1» dünýäsindäki meşhur iňlis inženeri we dizaýneridir. Onuň çäksiz zehini we awtoulaglaryň dizaýnyna innowasiin çemeleşmesi, hyzmatdaşlyk eden toparlarynyň köpüsine ýeňiş getirdi. «Williams», «MakLaren», «Red Bull Racing» ― onuň işleşen toparlarynyň gysgaça sanawy. Onuň ýolbaşçylygynda döredilen awtoulaglar garşydaşlaryny yzda galdyryp, dünýä çempiony boldy.

Şeýle hem