«Sollers» kompaniýasy syýahatçylyk awtobusyny görkezdi
16 Iýul
«Sollers» kompaniýasy syýahatçylyk awtobusyny görkezdi

«Sollers» kompaniýasy täze «Sollers SA9» syýahatçylyk awtobusynyň ilkinji suratyny çap etdi. Modeliň resmi tanyşdyrylyşynyň şu ýylyň sentýabr aýynda boljakdygyny «Wroom.ru» portaly habar berýär.

2022-nji ýylda döredilen «Sollers» markasy Hytaýyň «JAC» kompaniýasynyň täjirçilik ulaglaryny we pikaplaryny öndürýär. Ýakyn wagtda markanyň ulaglarynyň hatarynda Hytaýyň uly şäherara awtobuslary peýda bolar. Täze «Sollers SA9» «Ankai A9» modeliniň ygtyýarly nusgasy bolup durýar. Täze awtobusyň tehniki aýratynlyklary barada entek maglumat ýok.

50 ýolagçyny gatnatmak üçin niýetlenen Hytaýyň «Ankai A9» markasy kuwwaty 336 at güýji bolan «Weichai WP10» turbodizel bilen enjamlaşdyrylandyr. Onda «Fast Gear» atly 6 tizlikli mehaniki geçiriş ulgamy ornaşdyrylandyr.

«Sollers SA9» awtobusynyň gurnamasy häzirki wagtda «Sollers ST6» kysymly pikabyň öndürilýän ýerinde — Wladiwostokdaky «Awtoulag senagaty tehnologiýalary» zawodynda amala aşyrylar. Geljekde kompaniýanyň has ýönekeý hem has ykjam awtobuslaryň önümçiligine başlamagyna garaşylýar.

Şeýle hem