Türkmen telekeçileri we eksportçylary, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.M.Žumangariniň ýolbaşçylygynda geçiriljek Demirgazyk-Günorta eksport we ulag forumyna gatnaşmaga çagyrylýar.
Çäre Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrligi tarapyndan Aktau şäherinde guralyp, 2024-nji ýylyň 19-20-nji iýuly aralygynda geçiriler.
Forum «UNESCAP» we «ECO» degişli Ermenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Belarus, Hindistan, Eýran, Russiýa, Oman, Siriýa, Pakistan, Türkmenistan we BAE ýaly ýurtlaryň döwlet edaralarynyň hem-de guramalarynyň, işewür toparlarynyň, demir ýol dolandyryş edaralarynyň, öndüriji kärhanalarynyň, eksport edijileriniň, ulag we logistika kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlär.
Forum demir we awtoulag ýollaryny, portlary döwrebaplaşdyrmak, Demirgazyk-Günorta ulag ugrunyň esasy hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak, oba-hojalyk önümleriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda oňaýly platforma öwrüler.