
«Hyundai» kompaniýasynyň 2025-nji ýyl üçin niýetlän üç hatarly uly awtoulagy şu ýyl ilkinji gezek satuwa çykar. Muny öndüriji kompaniýa resmi taýdan tassyklady.
«Hyundai Ioniq 9» diýlip atlandyrylýan model «Kia EV9» we «Palisade» nusgalarynyň onuny tutjak elektrikleşdirilen brend bolar.
«Hyundai» bu ulagyny birnäçe aý mundan ozal ABŞ-nyň ýollarynda synagdan geçiripdi. Şol sebäpden hem, onuň dizaýn aýartynlyklarynyň gizlin däldigini bellemek gerek. Şeýle-de bolsa, ähli alamatlar ýolsuz ýerde hereket edýän ulagyň kompaniýanyň «Ioniq Seven 2021» ýörelgesine meňzeýändigini görkezýär.
2025-nji ýyl üçin taýýarlanan «Hyundai Ioniq 9» ulagynda «Hyundai E-GMP» gurluşy ulanyldy Täze önüm güýç gurluşyny hem-de batareýa aýratynlyklaryny «Kia EV9» bilen paýlaşar. «EV9» kysymynyň binýatlyk nusgasynyň 215 at güýjüne barabar bolan yzky tigirleri hereket edýän görnüşde hödürlenýändigini bellemek gerek. Onuň ähli tigirleri hereket edýän modeli bolsa 379 at güýjüni özünde utgaşdyrýan hereketlendirijini alýar. «Hyundai» bu güýç gurluşyny «Kiadan» gönüden-göni kabul edip hem bilerdi.