ABŞ-nyň Federal deňiz komissiýasy (FMC) «Maersk» hem-de «Hapag-Lloyd» bilen «Gemini» bileleşigini döretmek baradaky şertnamasyny togtatdy. «Container News» tarapyndan bnerlen habara görä, bu şertnama 15-nji iýulda güýje girmelidi, hyzmatdaşlygyň resmi taýdan işe girizilmeli wagty bolsa 2025-nji ýylyň 1-nji fewralydy. Hyzmatdaşlygyň resmi taýdan başlanmagy hem häzirlikçe yza süýşürildi.
«FMC» «hödürlenen şertnamanyň geljekki bileleşigiň bolup biljek bäsdeşlik netijelerini doly seljermäge mümkinçilik berýän jikme-jik maglumaty öz içine almaýandygyny» aýdýar, şonuň üçin hem, komissiýa goşmaça maglumat sorady. Bu ýerde talap edilýän maglumatlaryň gizlindigi we neşir edilmejekdigi bellendi.
Ylalaşyga bäsdeşlik we hukuk meseleleri nukdaýnazaryndan garamak işi komissiýanyň maglumatlary doly alan ýagdaýynda başlanar.
«Maersk» bilen «Hapag-Lloyd» kompaniýalarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda «Gemini» bileleşiginiň döredilendigini yglan edendigini we maý aýynyň ahyrynda şertnama gol çekendigini ýatladýarys. Hyzmatdaşlygyň çäginde daşaýjylar ABŞ — Aziýa / Ýakyn Gündogar / Ýewropa söwdalarynda gämileri paýlaşmagy maksat edinýärler.