«Skoda» iň elýeterli krossowerini hem-de täze «Slavia» ulagyny hödürlär
17 Iýul
«Skoda» iň elýeterli krossowerini hem-de täze «Slavia» ulagyny hödürlär

«Skoda» kompaniýasy 2025-nji ýyl üçin niýetlän üç modelini, şol sanda özüniň iň elýeterli krossowerini, şeýle hem täzelenen «Skoda Kushaq» hem-de «Slavia» nusgalaryny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada «ixbt.com» habar berýär.

Täze elýeterli krossowere heniz resmi at berilmedi. Ykjam yzky gapylarynyň hasabyna täze ulag «Skoda Kushaq» markasyndan 230 mm gysga bolar. Awtoulagyň uzynlygy 4000 mm-den geçmez. Ulag 1 litrlik TSI hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylar we mehaniki hem-de awtomatiki geçiriş ulgamlary bilen hödürlener.

Täze marka «Tata Nexon», «Hyundai Venue», «Kia Sonet», «Maruti Brezza», «Renault Kiger», «Nissan Magnite» hem-de beýleki nusgalar bilen bäsleşer.

Mundan başga-da, geljek ýyl «Kushaq» kysymly ulagyň hödürlenmegine garaşylýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem