«KAMAZ» «K5» nesliniň ýük daşamak üçin niýetlenen täze modelini öndürdi
18 Iýul
«KAMAZ» «K5» nesliniň ýük daşamak üçin niýetlenen täze modelini öndürdi

«KAMAZ» täze «K5» nesliniň awtoulaglaryny işjeň ösdürmegi dowam etdirýär. Iýun aýynda kärhananyň esasy gurnama ugrunda «KAMAZ-54902» we «KAMAZ-65658» nusgalary hödürlendi. «KAMAZ-yň» metbugat gullugynyň habaryna görä, iki ýük awtoulagy hem «K5 KAMAZ-54901-den» tapawutlylykda, harytlary şäherleriň arasynda ýa-da gysga aralykda daşamak üçin niýetlenendir. Olar 400 at güýji bolan «KAMAZ Dizel» elektrik enjamy bilen enjamlaşdyrylan. «KAMAZ-54902» pes üçekli we ýatmak üçin bir orny bolan 2300 mm giňlikdäki salony bilen tapawutlanýar.

«KAMAZ-65658» modeliniň has giň mümkinçilikleri bar: şeýle ulaglar önüm satmak üçin bölek satyjylar tarapyndan saýlanýar, uzyn şassi bolsa dürli görnüşli gurluşlary gurnamak üçin amatly. Önümiň artykmaçlyklarynyň arasynda «ýalta» diýilýän göteriji ok bar. Bu enjam diňe ýangyjyň sarp edilişini azaltmak bilen çäklenmän, eýsem, ýüksüz wagty ulagyň gyşdaky mümkinçiliklerini-de ýeňilleşdirýär. Eger, üçünji oky «berkitseň», awtoulagyň şeýle ýagdaýdaky geçip bilmek mümkinçiligi has-da ýokarlanýar.

«K5» nesliniň täze ulaglarynyň işlenen gazy çykaryş we zyýansyzlandyryş ulgamy, hereketlendiriji howa üpjünçiligi toplumy, kabinanyň täze hem özboluşly asma bölümi, kabinanyň we şassiniň gurluşy bar» — diýip, awtoulaglary ýygnamagyň netijeliligini seljermek bölüminiň baş hünärmeni Igor Tihanow gürrüň berýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem