«Nissan» kompaniýasy «Versa» hem-de «Altima» ýaly iň elýeterli awtoulaglarynyň önümçiligini togtadýar
18 Iýul
«Nissan» kompaniýasy «Versa» hem-de «Altima» ýaly iň elýeterli awtoulaglarynyň önümçiligini togtadýar

«Nissan» 2025-nji ýylda gabarasy hem kuwwaty boýunça iň kiçi we iň amatly awtoulagynyň — «Versa» sedanynyň önümçiligini tamamlaýar. «Altima» orta göwrümli sedanynyň önümçiligi bolsa 2026-njy ýylda bes ediler. Şunlukda, bu meşhur awtoulag öndürijisinde diňe bir sedanyň — «Sentra» kysymly ykjam ulagyň Z sport nusgasy galar. Mundan başga-da, kompaniýanyň «Leaf EV» hetçbekiniň, «Frontier» kysymly pikabynyň we köp sanly krossoweriniň hem-de ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglarynyň önümçiligi dowam etdiriler.

«Versa» modeli 2007-nji ýylda çykyp başlady. Şondan iki ýyl soň onuň bahasy 10 000 dollardan arzan bolmadyk kuwwatlandyrylan görnüşi satuwa çykdy.

«Sentra» bolsa «Versa» kysymynyň binýatlyk nusgasyndan 4500 dollar gymmatdyr.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem