Russiýa «Demirgazyk ― Günorta» geçelgesinde söwda dolanyşygyny üç esse artdyrmagy meýilleşdirýär
18 Iýul
Russiýa «Demirgazyk ― Günorta» geçelgesinde söwda dolanyşygyny üç esse artdyrmagy meýilleşdirýär

Russiýanyň Hökümeti «Demirgazyk Günorta» ulag geçelgesiniň üsti bilen ýük daşamak bilen, 2040-njy ýyla çenli möhüm netijeleriň gazanyljakdygyna ynanýar. Bu barada ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Sergeý Nazarowyň sözlerine salgylanýan rus neşiri habar berýär.

Правительство России считает реальным к 2040 году утроить грузоперевозки по международному транспортному коридору «Север ― Юг». Об этом в интервью «Российской газете» заявил замглавы Минэкономразвития Сергей Назаров.

Degişli gullugyň habaryna görä, 2023-nji ýylda söwda dolanyşygy 19 million tonna boldy. 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň ýylda 28-32 million tonna ýetjekdigi çaklanylýar. 2040-njy ýyl üçin meýilleşdirilýän maksat bolsa 60 million tonna.

Şol bir wagtyň özünde bolsa ýük daşamagyň köp bölegi demir ýol ulaglary arkaly amala aşyrylar. 2023-nji ýylyň jemi boýunça bu ugruň «Demirgazyk-Günorta» geçelgesi boýunça netijelere goşandy 12,5 million tonna boldy.

Taslamanyň ösüşine päsgel berýän esasy faktor şu wagta çenli Eýranyň Reşt-Astara böleginde demir ýol aragatnaşygynyň bolmazlygydyr. «Demirgazyk — Günorta» taslamasyna gatnaşyjylar 2028-nji ýyla çenli bu meseläni hem çözmegi göz öňünde tutýarlar.

Iýun aýynda Belarus dökünleriniň ilkinji toplumy «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň günbatar ugry boýunça Eýrana iberildi.

Belarus Respublikasy 2023-nji ýylda «Demirgazyk — Günorta» geçelgesi boýunça 111 müň tonna ýük iberdi. Şeýle maglumatlar Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň infrastruktura hasabatynda beýan edildi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem