BMG-niň Baş sekretaryndan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine gelip gowşan hatlar
19 Iýul
BMG-niň Baş sekretaryndan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine gelip gowşan hatlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden hatlar gelip gowuşdy. Hatlarda golaýda ýurdumyzda saparda bolan belent mertebeli myhmanyň BMG-niň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk sözleri beýan edilýär. Hatlarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetine uly orun berilýär.

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Aşgabada bolan saparym mahalynda maňa we meniň wekiliýetime bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň bitaraplyga ygrarlydygyna mynasyp baha berilýär. Men hem Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge, howanyň üýtgemegi, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleri çözmäge hut özüňiziň gatnaşýandygyňyza we liderlik edýändigiňize ýokary baha berýärin.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynda Türkmenistanyň orny aýratyn möhümdir. Munuň özi Siziň ýurduňyzyň sebit durnuklylygyna ýardam bermekde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dialogy, hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň orny eýeleýändigini görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ýurt boýunça topary bilen ajaýyp hyzmatdaşlygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! BMG-niň düzümi üçin goşmaça binany bölüp bermegiňiz biziň pugta hyzmatdaşlygymyzyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Saparym mahalynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmak hormatyna mynasyp boldum. Bu abraýly sylag biziň çuňňur gatnaşyklarymyzy we gymmatlyklarymyzy alamatlandyrýar. Ol meni mundan beýläk-de Magtymguly Pyragynyň adamlaryň, tebigatyň sazlaşygy baradaky ýörelgelerine ymtylmaga ruhlandyrýar.

Men biziň hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýärin we bilelikdäki tagallalarymyzyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Antoniu Guterriş,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýakynda ýurduňyza amala aşyran saparymyň dowamynda maňa we meniň ýanymdaky wekiliýete bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hem-de Türkmenistanyň Hökümetine, halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Türkmenistanyň parahatçylyk, ynanyşmak, diplomatiýa medeniýetini ilerletmek boýunça başlangyçlary ýokary baha mynasypdyr. Şeýle hem men ýurduň Merkezi Aziýada, onuň çäklerinden daşarda ulag we energetika aragatnaşygyny giňeltmek, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda tekliplerini goldaýaryn. Türkmenistanyň parnik gazlarynyň, şol sanda metanyň atmosfera zyňyndylaryny ep-esli azaltmagy maksat edinýändigi-de aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.

Jemgyýetçilik binýadynda durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek arkaly Türkmenistanda durmuş goraglylygy ulgamynyň kämilleşdirilmegine Birleşen Milletler Guramasynyň goşýan goşandyna Siziň Alyhezretiňiziň ýokary baha bermegiňiz mende uly täsir galdyrdy. Men Türkmenistanyň Hökümetini bu maksatnamany giňeltmek mümkinçiligine garamaga çagyrýaryn.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine we BMG-niň ýurt boýunça toparyna hemişe berýän goldawyňyz, hyzmatdaşlyk edýändigiňiz üçin Size hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň! Guramanyň wekilhanasyna Aşgabatda goşmaça binanyň berlendigi üçin çuňňur hoşallygymy bildirýärin. Bu binanyň açylyş dabarasyna Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň gatnaşmagy meni örän guwandyrdy.

Aşgabada saparymyň dowamynda mähirli kabul edilendigim üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygymy beýan etmäge rugsat ediň! Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn hem-de şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Geljegiň sammitinde Türkmenistanyň möhüm orun eýelejekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Antoniu Guterriş,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem